Şu gün belorus halky öz ýurdunyň Garaşsyzlyk Gününi belleýär. Şu sene mynasybetli Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Oleg Tabanýuhow interwýu berdi.
3-nji iýul Belarus üçin diňe bir öz ýurdunyň şu gününe buýsanç güni bolman, eýsem geçmiş hakda hatyra günüdir. Ol Belarusy faşizimden azat etmek bilen gönüden-göni baglanşyklydyr. Şonuň üçinem beloruslar parahatçylygyň, erkinligiň we garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny gowy bilýärler.
Häzirki wagtda belorus halky Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonuň oýlanşykly döwlet syýasatyna Belarusyň garaşsyzlygynyň esasy netijesi bolan raýat ylalaşygy bilen jogap berýär.
Taryhy jähtden köp bolmadyk döwürde, sözüň doly manysynda, döwlet işiniň ähli ugurlarynda we raýatlarymyzyň durmuşynda ägirt uly özgertmeler bolup geçdi.Ýurdumyza baryp görenler häzirki wagtda Belarusyň ösen ykdysadyýetli we halky mynasyp durmuşda ýaşaýan parahat we asuda ýurtdygyny aýdarlar. Belarus jemgyýetinde milli we dinleriň ylalaşygy höküm sürýär.
Belarus döwleti ösüşiniň häzirki tapgyrynda bazar ykdysadyýetiniň köpugurly ýörelgelerini we demokratiýany ýurdumyzda taryhy taýdan kemala gelen aýratynlyklar we däpler bilen sazlaşykly utgaşdyrýar. Bu parasatly ýörelge hem häzirki tapgyrda bize hakyky Garaşsyzlygy üpjün etdi.
Ylym we bilim döwletimizde ileri tutulýan ugurlardyr.Häzirki wagtda ylma çykdajylar döwlet býujetinde saldamly orun tutýar.Ylma esaslanýan we ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösüşi şeýle çemeleşmäniň netijesi boldy, bu bolsa dünýä kynçylyklaryna garamazdan ykdysadyýetiň ösüşini üpjün edýär.
Ylmyň amaly ugra gönükdirilmegi netijesinde biz daşarky bazarlara ugrukdyrylan ýokary tehnologiýaly senagat we oba hojalyk toplumy bolan innowasion ykdysadyýet döretdik.Belarus ýurtda öndürilýän harytlaryň 70 göterimine golaýyny eksport edýär. 2017-nji ýylda Belarus Respublikasynyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň eksporty 37 milliard dollardan geçdi.
Häzirki wagtda biz IT-ýurduny gurmakdan ugur alýarys.Belorus döwletiniň baştutany “Sanly ykdysadyýeti ösdürmek hakynda” Dekrete gol çekdi.Amerikanyň “Silikon jülgesi” ýada Russiýanyň “Skolkowosy” kysmynda gurlan belorus Ýokary tehnologiýalar parky dünýade öňdebaryjy IT- hyzmatlaryny iberijileriň hataryna girýär we yklymlaryň ählisinde iri dünýä korporasiýalaryny programma önümleri bilen üpjün edýär.
Diňe 2017-nji ýylda Ýokary tehnologiýalar parkynyň programma önümleriniň eksporty 1 milliard dollardan geçdi.
Ýurdumyzda ýerasty baýlyklaryň ýoklugyna garamazdan Belarus ýokary ykdysady mümkinçiligini görkezýär.
Ýurdumyz halkara derejesinde hymatdaşlarynyň ählisi we halkara guramalary, ozaly bilen BMG-nyň ulgamynyň guramalary bilen deňhukuklylyk esasynda uzak möhletleýin gatnaşyklary ýola goýmakdan ugur alýar. Köpugurly halkara hyzmardaşlygy bu biziň oýlanşykly we yzygiderli syýasatymyzdyr.
Belarus üçin Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmek uly ähmiýete eýedir. Biz Türkmenistana Merkezi Aziýada wajyp strategik hyzmatdaş hökmünde garaýarys.
Şu ýylyň ýanwar aýynda biziň ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bellenildi. Belarus bilen Türkmenistany halkara gatnaşyklarynyň meselelerine çemeleşmeleriň umumylygy, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda oňyn özara hyzmatdaşlyk jebisleşdirýär. Ýurtlarymyzyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny düzýän ikitaraplaýyn resminamalaryň 130-dan gowragyna gol çekildi we hereket edýär.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär. Birneme peselendigine garamazdan 2017-nji ýylda harytlaryň we hyzmatlaryň ikitaraplaýyn söwdasy 212 million dollara barabar boldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge henizem mümkinçilikler ýeterlikdir. Biziň ýurtlarymyz bu ugurda öz öňünde täze stratetgik maksatlary goýýarlar.
Medeniýet, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk ýylsaýyn berkidilýär. 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ozalkysy ýaly üstünlikli geçdi. Biz bu çäräni türkmen-belorus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurnadyk. Indiki ýyl biz Belarusda türkmen medeniýet we sungat işgärlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary biziň özara hereketimizi ösdürmäge uly itergi berdi. “Aşgabat 2017” Oýunlary biziň ýurtlarymyza diňe bir türgenleri taýýarlamakda däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam bermän, eýsem sport hyzmatdaşlygy, sport lukmançylygy we sport žurnalistikasy ýaly ugurlarda özara hereketiň täze ugurlarynyň başyny tutdy.
Köp ugurlarda ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýokary derejesi belorus-türkmen dostlugynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady boldy.
Belarusda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşde gazanan üstünliklerine ýokary baha berýärler. Halkyň hal-ýagdaýyny we ýurduň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň yzygiderliligine uly hormat goýulýar.
Şu günki mümkinçilikden peýdalanyp, biziň ýurdumyza we Türkmenistandaky diplomatik wekilhanamyzyň işine hoşniýetli we oňyn garaýşy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Parasatly, zähmetsöýer we dostlukly halky bolan Türkmenistan ýaly ajaýyp ýurtda Belarus döwletine wekilçilik etmek abraýynyň meýesser edenlilgine buýsanýaryn.
Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýatly Ilçisi hökmünde biziň ýurdumyzyň özara hereketiň ähli ugurlarynda, ikitaraplaýyn ugurlarda, şeýle hem halkara meýdançalarynda Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge içgin gyzyklanýandygyny nygtamak isleýärin.
Türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk, dostlukly ýurtlarymyza bolsa mundan beýläk hem ösüş we özara peýdaly netijeli hyzmatdaşlyk arzuw edýärin.
