Türkmen sportsmenleri Aziada taýýarlyk wagtynda Belarusda türgenleşdiler

Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk wagtynda Belarusyň sport bazalaryndan peýdalandy diýip, “БЕЛТА” habar agenligi Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Oleg Tabanýuhowa salgylanyp habar berdi.

“Türkmenistanly atletler belarus sport merkezlerinde birnäçe ýyl bäri taýýarlyk görýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän wagtynda Belarusyň sport bazalaryndan peýdalanmak aktiwledşi.

Türkmen tarapynyň “Staýki” olimpiýa sport toplumy bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýuldy.Belarusyň Bedenterbiýe boýunça döwlet uniwersiteti Türkmenistan üçin bedenterbiýe we sport kadrlaryny taýýarlaýar.Häzirki günde bu ýukary okuw jaýynda Türkmenistanyň 60-dan gowrak raýaty okaýar” diýip, Oleg Tabanýuhow gürrüň berdi.

Türkmen tarapy hem “Awaza” milli kurort zonasyny belarus sportsmenleri bilen bilelikdäki taýýarlyk üçin ulanmagy teklip edýärler.

Ýene degişli makalalar

Belarus Türkmenistana awtomobil tehnikasyny ibermegi ýola goýmaga ymyt baglaýar
Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna “Fransisko Skorinanyň kitap mirasy” sowgat berler
Oleg Tabanýuhow: Türkmenistan Merkezi Aziýada Belarusyň wajyp strategik hyzmatdaşydyr
Türkmenistan Belarus bilen bilelikde derman öndürmek mümkinçiliklerini maslahatlaşýar
Türkmenistan we Belarus çözülmedik dawasyna garamazdan, täze proýektlere ýol açýarlar
15.05.2019 | Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçýär