Orta Aziýa-ABŞ Döwlet Ýolbaşçylarynyň Birinji Sammiti Nýu-Ýorkda Geçirildi

Orta Aziýa-ABŞ Döwlet Ýolbaşçylarynyň Birinji Sammiti Nýu-Ýorkda Geçirildi

Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Täjigisitanyň we ABŞ-nyň döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky J5+1 formatyndaky Orta-Aziýa ABŞ Döwlet Ýolbaşçylarynyň 1-nji Sammiti Nýu-Ýorkda geçirildi.

ABŞ-nyň Prezidentiniň guramagynda geçirilen sammite Gazagystanyň Prezidenti Kassom-Žomart Tokaýew, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahman gatnaşdy.

Liderler birinjisi guralan sammitde J5+1 dialogunyň çäginde ykdysadyýet, energetika we howpsuzlyk ugurlarynda Orta Aziýanyň özygtyýarlylygynyň, birsydyrgynlygynyň we abadançylygynyň hasam güýçlendirilmegi boýunça bilelikdäki iş ugurlary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Sammitde strategik hyzmatdaşlyk, syýasy dialog, söwda, ykdysadyýet, maýa goýum we gumanitar hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmegi bilen bagly perspektiwalar bilen Ýewraziýada parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň goralmagy hakynda giňişleýin pikir alyşyldy.

8 ýyl ozal Samarkantda daşary işler ministrleriniň derejesinde döredilen J5+1 formatynyň döwlet ýolbaşçylarynyň derejesine göterilendigi we Orta Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasynda ähli ugurda açyk we netijeli dialogyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin möhüm platforma öwrülendigi nygtaldy.

Liderler Orta Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ýany bilen kiber howpsuzlyk, terrorizm, radikalizm, bikanun göç we neşe söwdasy bilen bilelikde howpsuzlyk meseleleriniň çözülmeginde hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşdylar.

Sammitde çykyş eden Tokaýew BMG-niň Orta Aziýadaky we Owganystandaky Sebitleýin durnukly galkynyş maksatlary merkeziniň Almatyda açylmagy boýunça ABŞ-nyň goldawyna ynanýandyklaryny beýan etdi.

Mirziýoýew bolsa söwda we maýa goýum işleriniň ösdürilmegi, taslamalar boýunça hyzmatdaşlyklaryň edilmegi, sebitdäki ulag geçelgeleriniň giňeldilmegi, adam hukuklarynyň üpjün edilmegi, bilim maksatnamalarynyň ýaýbaňlandyrylmagy, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly çözülmegine goldaw berilmegi ýaly meslelere ünsi çekdi.

Maslahatyň ahyrynda Ota Aziýa döwletleri bilen ABŞ-nyň arasynda özara düşünişmegiň çuňlaşdyrylmagy we netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gyrgyzstan Ermenistanyň Basyp Alyşlygyndan Halas Edilen Obada Mekdep Gurar
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar