Oskaryň dabarasyny alyp barmakdan ýüz öwürdi

Oskaryň dabarasyny alyp barmakdan ýüz öwürdi

Meşhur aktýor Kris Rok Amerikanyň kinoakademiýasynyň Oskar baýragynyň indiki gowşurylyş dabarasyny alyp barmakdan ýüz öwürdi, ol muny geçen gezekki dabarada aktýor Uill Smit bilen bagly bolup geçen gelşiksiz ýagdaý bilen düşündirdi diýip, Arizona Republic gazeti ýazýar.

Baýragyň geçen ýyldaky 94-njy gowşurylyşynda Uill Smit aýalynyň üstünden ýerliksiz degşendigi üçin sahna çykyp, alypbaryjynyň ýüzüne şarpyk çalypdy.

Smit soňra aktýordan ötünç sorady we aýalynyň üstünden gülünmegini bagyşlap bilmejekdigini aýtdy.

8-nji aprelde Amerikanyň kinoakademiýasy Smiti 10 ýyllap kino çärelerine gatnaşmakdan çetleşdirmek barada çözgüt kabul etdi. Aktýor muňa düşünmek bilen garaýandygy we kinoakademiýa hormat goýýandygy barada beýanat bilen jogap berdi.

Ýene degişli makalalar

Aktýor Uill Smit 55 ýaşady
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
Filmlerde çagalary bilen surata düşen ýyldyz artistler
Ýamaýka Palestinany Resmi Taýdan Ykrar Etdi
Maska milliarder bolmaga kömek eden dokuz kitap agzaldy
Ronaldonyň hem-de Benzemanyň topardaşlary Dünýä Kubogyna gatnaşmaz