“Parahat” täze alkogolsyz içgileriň önümçiligini ýola goýdy

“Parahat” täze alkogolsyz içgileriň önümçiligini ýola goýdy

“Parahat” hususy kärhanasy täze “OK”, “Zor”, “330” haryt nyşanly alkogolsyz içgileriň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

“OK” alkogolsyz gazlandyrylan içgileriniň limonad, tarhun, kola, pyrtykal, emeli minerallaşdyrylyp gazlandyrylan görnüşleri öndürilýär. Olar 0,5 litrlik plastik gaplara gaplanýar.

Kompaniýanyň täze “330" limon, şetdaly, tokaý miweleri tagamly sowuk çaýlary, nar tagamly içgisi hem-de Zor atly zirk we guarana tagamly gazlandyrylan alkogolsyz içgisi 330 millilitr göwrümli plastik gaplarda öndürilýär.

Kompaniýa “Eçil” we “Joş” miwe şireleriniň, “Özi” gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň, “Süýtli Dere” süýt önümleriniň, “Han Çaý” sowuk çaýlarynyň we “Ýeserje” çaga püreleriniň, "Han şöhlat" şöhlat önümleriniň öndürijisidir.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň tebigy miwe şireleri, çaýlary, gazly içgileri, miwe-gök önüm pýureleri, süýt we et önümleri alyjylaryň islegli önümleridir. Olar Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Ýewropa döwletlerine eksport edilýär.

1993-nji ýylda döredilen “Parahat” hususy kärhanasynyň ISO 22000:2005 halkara güwänamasy, abraýly sylaglarynyň hatarynda “Altyn güýz” Bütinrussiýa obasenagat sergisiniň altyn medaly hem bar.

Şeýle hem, kompaniýa 2012-nji ýylda iýmit önümlerini gaýtadan işlemekde, gaplamakda we gaplaýjy enjamlary öndürmekde Şweýsariýanyň meşhur “Tetra Pak” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

Ýene degişli makalalar

TAŇRY GIŇ EÝLESE BENDE KÖŇLÜNI
DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
Ukrainaly 16 Müň 221 Çaga Zor Bilen Russiýa Alnyp Gidildi
TBMM-niň Başlygy Şentop, Antalýada Özara Duşuşyklar Geçirdi
Aziýa Parlamentlar Assambleýasynyň Maslahaty Antalýada Geçirilýär
Mary: Aýazly howada oba ilaty odun ýakyp ýylynmaga mejbur bolýar
“Olary diri görkeziň!”: ÝHHG ýurtlary dereksiz ýitirmelere garşy berk çäre görmeli