Pasla görä geýinmek — keselleriň öňüni almagyň ygtybarly şerti

Pasla görä geýinmek — keselleriň öňüni almagyň ygtybarly şerti

Gyşyň aýazly günlerinde adamlar limonly, itburunly, bally çaýa has köp isleg bildirýärler.Dürli miweleriň ter şireleri, hususan-da, naryň şiresi örän peýdalydyr. Ýöne gartaşan adamlara bulary degişli lukmanlar bilen maslahatlaşyp peýdalanmak zerur.

Adam bedeniniň iýmiti kabul etmeklige bolan islegi hem pasla görä sazlaşýar.Mysal üçin, tomusda her bir adam uly isleg bilen garpyzdyr gawun ýaly bakja önümlerini iýmäge ymtylýar. Çünki bu döwürde beden köp suwuklygy talap edýär. Ýylyň sowuk pasyllarynda bolsa kädi, şugundyr ýaly ýokumly tagamlary kabul etmäge isleg döreýär.

Diýmek, adam tagam kabul edende-de, geýnende-de, tebigat bilen sazlaşykly bolup, öz duýgularyny diňlemeli.Olara ünsli bolmaly.Gyş paslynda adam bedenini ýyly saklamak üçin, möwsüme görä, ýyly egin-eşikleri, gyş aýakgaplaryny, başgap, şeýle hem ellik geýýär.

Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, jemgyýetçilik ulaglaryna münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň ilikleri ýazdyrylmaly we başgaplar çykarylmaly. Çünki wagtlaýyn ýyly ýere girip, derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.

Aýaklar bedeniň ýylylygyny üpjün edýän we çyga has duýgur agzasydyr.Aýaklarymyz näçe ýyly bolsa, bedenimiz şonça-da ýyly bolýar. Ýöne ene-atalar çagalaryna ädikleriniň içinden ýyly joraplary geýdiren ýagdaýlarynda, ýygy-ýygydan ony barlap durmaly, eger aýaklar derlän bolsa, onda joraplaryny we ädiklerini çalyşmaly.

Gyşda aýakgaplar dogry saýlanylmaly, munuň özi gyşyň doňaklyk günlerinde taýyp ýykylmagyň we dürli şikeslenmeleriň öňüni almaga ýardam eder.Ellikler daşarda hökman gerekdir.Olar sowuk howanyň elleriň deri örtügine ýetirip biläýjek zyýanly täsirlerinden goraýar.

Elleriň ýylylygy bedeniň dem alyş agzalarynyň saglygynyň kepilidir. Şol sebäpden, gadym zamanlarda dem alyş ýollarynyň sowuklamasynda eller üçin niýetlenen wannalar, ýapgylar we beýleki emler ulanylypdyr.Gyş paslynda ýene bir zerur zatlaryň biri başgaplary geýmek, ýaglyklary daňynmakdyr.

Olar tutuş kelläni, saçlary goramak bilen, dürli kelle-beýni sowuklama keselleriniň öňüni almaga ýardam edýär.Saçlar ýuwlandan soňra, olary dogry we doly guratmaly Çygly saçlar bilen hiç wagt şemalyň ugrunda durmaly däl we daşaryk çykmaly däl.

Sebäbi saçyň düýbünde galan çyg öý şertlerinde ýyly derejede bolsa-da, ol eýýäm daşaryk sowuk howa çykylanda, öz ýylylyk derejesini ýitirýär we sowuk howanyň täsiri netijesinde, dürli sowuklamalaryň esasy sebäbi bolup durýar. Şulardan ugur alyp, her bir paslyň öz aýratynlyklaryna laýyklykda, dogry iýmitlenmeli we geýinmeli. Şonuň bilen bir hatarda, her bir adam daşaryk çykanda, hökman burnuň nemli bardasyna Oksolin melhemini çalmaly we agyz-burun örtügini dakynmaly.

Daş-töwerekdäki adamlar bilen 2 metrden az bolmadyk howpsuz araçägi saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elleri elmydama arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.

Ýene degişli makalalar

Aýakgaby nähili arassalamaly?
Çereşnýa sapagynyň peýdalary
9-njy oktýabrda Türkmenistanyň çäginde boljak howanyň ýagdaýy
KADALARY BERK BERJAÝ EDIŇ!
Türkmenistanda 28-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
Gurakçylyk dünýäde mindalyň ýetmezçiligine getirip biler
21-nji awgustda türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?