Planetamyz barada…

Bir gije-gündiziň dowamlylygy ortaça 23 sagat 56 minut 4 sekunda barabar.Ýer Günüň daşyndan sagatda 107,182 kilometr tizlik bilen hereket edýär.Planetamyzyň iň sowuk ýeri Antarktikada bolup, -93.2°C dereje howa hasaba alyndy.Ýer ýüzündäki süýji suw gorlarynyň 70 göterimi we ähli buzluklaryň 90 göterimi Antarktikadaky buz gatlaklarynda saklanýar.Ýeriň dartyş güýji planetamyzyň ähli ýerinde deň däldir.Ýer Gün ulgamyndaky iň dykyz planetadyrAtmosferanyň 21 göterimi kislorod, 78 göterimi azotdan ybarat.Gün şöhlesiniň Ýere gelip ýetmegi üçin 8 minut 20 sekunt çemesi wagt gerek.Planetamyzyň 71 göterimini ummanlar we deňizler tutýar.Ýeriň iň beýik nokady Ewerest gerşi bolup, onuň belentligi 8,848 metre barabar.Ýeriň ýadrosy Gün ýaly gyzgyn.Her günde 8,6 million ýyldyrym çakýar.Gün ulgamyndaky planetalaryň arasynda diňe Ýerde suwuň suwuk, gaty we bug halyna gabat gelinýär.Iň çuň çukur 12 262 metre barabar bolup, ol 14 ýylda gazylypdyr.Ýeriň orbitasynda hereket edýän dürli maksatlar bilen uçurylan emeli hemralaryň we beýleki enjamlaryň 22 müňe golaýy bar.

Ýene degişli makalalar

Antarktikada arassa energiýadan peýdalanylar
Ýeriň ýagtylyk çeşmesi
Bir ädimde beýleki ýarym şara geç!
Samsung daşky gurşawy goramak boýunça maksatnama alyp barýar
Angliýada Ýene-de 2 Energiýa Firmasy Bankrod Boldy
New Shepard gämisi ikinji adamly uçuşyny amala aşyrdy
BMG: 2021-nji ýyl iň yssy ýedi ýylyň biri bolup biler