Plastmassa Kim, haçan oýlap tapdy?

Häzirki wagtda dürli suwuk harytlary gazly içgileri, ösümlik ýagyny, azyk önümleriniň birnäçe görnüşini, arassaçylyk we tehniki serişdeleri gaplamak üçin adatça plastmassa gaplaryndan peýdalanylýar.Bu material ýeňil, berk we arzan bolmagy bilen tapawutlanýar.

Berkdigine garamazdan, plastik gaplary aňsatlyk bilen kesip bolýar. Şeýle bolansoň, bu önümi ulanyşdan galandan soňra-da dürli maksatlar üçin ulanyp bolýar.Amerikan inženeri Nataniel Waýet (1911-1990ý.) plastmassa materialyny öndürmek üçin birnäçe ýyl zähmet çekýär.

Ol bu materialy gazly içimlikleri gaplamak maksady bilen öndürmegiň aladasyny edýär.Waýet bu ugurda iş alyp barýan kärdeşinden plastmassadan öndürilen çüýşä gazly içgi guýup boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny soraýar.

Kärdeşi oňa şeýle materialdan ýasalan çüýşä gazly suw guýlanda ýarylyp biljekdigini aýdýar.Waýetiň ilkinji geçiren synanyşyklarynda gazly içgiler guýlan çüýşeler süýnýär.Sebäbi, ilkibaşdaky plastmassalar ýeterlik derejede gaty bolmandyr.

Geçirilen tejribeleriň netijesinde, Waýet plastmassany emele getirýän molekulalaryň bir-birine has ýakyn bolanda, onuň has berk boljakdygyny ýüze çykarýar.Inžener plastmassany neýlon bilen garyşdyryp, ozaldan ýasalan galyba guýýar.

Ergin haldaky plastmassa çüýşe şekilli gaba guýlup, içine howa goýberilende, çüýşe şekilli bolýar. Şeýle-de bolsa, Waýetiň ilkinji synanyşyklary şowsuz tamamlanýar.Bu meseläni çözmek üçin inžener müňlerçe tejribe geçirmeli bolýar.

Netijede, Waýet uzak ýyllaryň dowamynda geçiren tejribelerine garamazdan, neýlon bilen polipropileni garyşdyrmak pikirinden dänip, onuň ýerine polietilen-tereftalat (PET) garyndysyny ulanmak kararyna gelýär. Şeýlelikde, ol 1973-nji ýylda örän çeýe, emma şol derejede çydamly bolan materialy oýlap tapýar.

Dolulygyna dury, ýagny aňyrsy aýdyňlygy bilen görünýän bu material içi görünýändigi sebäpli içimlik gaplamak üçin amatly hasaplanýar. Üstesine-de, ony birnäçe gezek gaýtadan hem ulanyp bolýar. Şol döwürler gazly suwlaryň önümçiliginiň artmagy plastmassa gaplara bolan islegi görnetin ýokarlandyrýar.

Häzirki wagtda bolsa, bütin dünýäde gazly içgileriň tas ählisi diýen ýaly plastik çüýşelere gaplanýar.Dürli görnüşi bolan plastik materiallary birnäçe gezek gaýtadan işläp bolýar.Köp ýurtda bu materiallar ýol gurluşygynda asfalta goşulýan bolsa, köp ýerde süýüm alnyp, awtoulag senagatynda, haly önümçiliginde we beýleki ugurlarda peýdalanylýar.

Plastik gaplar gaýtadan ulanylanda, ondan içi görünýän gap öndürip bolmaýar.Ikinji gezek çig mal hökmünde peýdalanylýan plastik çüýşelerden himiki we arassalaýyş serişdelerini gaplamak üçin reňkli gaplary öndürip bolýar.

Plastmassa gaplardan alynýan süýüm, şeýle hem mata dürli önümleri taýýarlamakda ulanylýar.ABŞ-da poliester halylaryň ýarysynyň önümçiliginde ulanyşdan galan plastmassa gaplardan peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

Kanadadaky hüjümde ýogalan maşgala üçin hatyralama çäresi geçirildi
Ömer Çelik Kanadada musulmanlara garşy guralan hüjümiň üstünde durup geçdi
Ibrahim Kalyn Kanadada musulmanlara garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi
Awstraliýanyň Katar 2022-däki düzümi belli boldy
Saparmyrat Nyýazowyň käbir maşgala agzalarynyň nemes kompaniýasy bilen ilteşigi aýan edilýär
Ýardam