Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik: "Käbir syýasatçylaryň we medianyň Yslama duşmançylyk edip beýanat bermegi, ýigrenç jenaýatlaryny höweslendirýär. Mesele diňe bir jenaýat aksiýasy däldir. Arkasynda Yslam duşmançylygynyň höweslendirilmegi bilen hapalanan bir atmosfera bar. Ýigrenç jenaýatlaryny höweslendirýän syýasatçylar we media bularyň jogapkäridir" diýip nygtady.
Kanadanyň Ontario ştatyna degişli London şäherinde 6-njy iýunda ulagyny ýanýodada ýöräp barýan adamlaryň üstüne süren Nataniel Weltman (20 ýaş), biri 15 ýaşynda gyz çaga bolmak bilen şol bir maşgaladan 4 adamyň ýogalmagyna we 9 ýaşyndaky bir erkek çaganyň agyr ýaralanmagyna sebäp boldy.
Weltman wakanyň bolan ýerinden takmynan 6 km uzaklykda saklanyp, göz tussaglygyna alyndy.
