Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Kanadada ulagyny ýanýodada ýöräp barýan adamlaryň üstüne süren we 4 musulman raýaty öldüren adamyň yslamafobik sebäpler bilen hereket edendigini belläp: "Bu öndürilen gorkynyň ýigrenje, ýigrenjiň duşmançylyga we güýje öwrülmeginiň iň soňky mysalydyr. Bu elhenç ýol we wagşyçylyk bes edilmelidir" diýip nygtady.
Kanadanyň Ontario ştatyna degişli London şäherinde 6-njy iýunda ulagyny ýanýodada ýöräp barýan adamlaryň üstüne süren Nataniel Weltman (20 ýaş), biri 15 ýaşynda gyz çaga bolmak bilen şol bir maşgaladan 4 adamyň ýogalmagyna we 9 ýaşyndaky bir erkek çaganyň agyr ýaralanmagyna sebäp boldy.
Weltman wakanyň bolan ýerinden takmynan 6 km uzaklykda saklanyp, göz tussaglygyna alyndy.
