Ýardam

Galapyn, iň kyn pursatlarda baş gahrymanyň ýanynda ruhlandyrýan söýgüli ynsany ýa-da ygtybarly dosty bolýandygyna köp sanly taryhy wakalar güwä geçýär.Eger-de Sofiýa ýaly wepaly zenan bolmadyk bolsa, onda megerem, edebiýat dünýäsindäki meşhur ýazyjylaryň arasynda Nataniel Hotornyň peýda boljakdygy gümanady.Bir sapar Nataniel öýüne dolanyp, saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygyny we mundan bu ýana agyr işlerde işläp bilmejekdigine gynanyp, ýagdaýyny aýaly Sofiýa gürrüň berýär.

Sofiýanyň ümsümligi ýanýoldaşyny geň galdyrýar. Beýle bolsa, indi sen ahyrsoňy öz kitabyňy ýazmaga girişersiň!diýip, Sofiýa şähdaçyk halda aýdýar. Dogry, ýöne men ony ýazyp gutarýançam, nämäň hasabyna ýaşarys?!

diýip, ol gamgyn jogap berýär.Sofiýa stoluň çekereni açyp, ol ýerden bir petde pul çykarýar. Saňa munça pul nireden düşdi?diýip, Nataniel geňirgenýär. Men seniň zehinlidigiňi mydama-da bilýärdim diýip, Sofiýa söze başlaýar. Has dogrusy, ahyr bir gün seniň nusgalyk bir eseri döredip başarjakdygyňa-da ynanýardym. Şonuň üçinem her hepde öý hojalygyny ýöretmek üçin beren pullaryň bir ujundan aýryp goýýardym. Şeýlelikde, men ikimiziň kän wagtymyza ýetjek ep-esli puly ýygnadym diýip, Sofiýa ýylgyrýar.Şeýlelikde, Nataniel Hotornyň söýgüli aýalynyň ýardamy bilen amerikan edebiýatynda meşhur “Elwan harplar” romany peýda bolýar.

Ýene degişli makalalar

Awstraliýanyň Katar 2022-däki düzümi belli boldy
Saparmyrat Nyýazowyň käbir maşgala agzalarynyň nemes kompaniýasy bilen ilteşigi aýan edilýär
TRANSFER TÄZELIKLERI
Plastmassa Kim, haçan oýlap tapdy?
Ömer Çelik Kanadada musulmanlara garşy guralan hüjümiň üstünde durup geçdi
Kanadadaky hüjümde ýogalan maşgala üçin hatyralama çäresi geçirildi