Podmoskowýede ýykgynçylykly hereket boldy

Podmoskowýede ýykgynçylykly hereket boldy

22-nji mart agşamy Russiýanyň paýtagtynyň etegindäki Krokus Siti Holl konsert zalynda ýaragly näbelli adamlaryň topary tomaşaçylara ok atdylar, soňra binany partlatdylar. Ýurduň Derňew toparynyň maglumatlaryna laýyklykda, 60 adam pida boldy, 100-den gowrak adam ýaralandy diýip, MIR 24 habar berýär.

Moskwanyň eteginde bolan we birgiden bigünä adamlaryň heläk bolmagyna hem-de agyr şikes almagyna getiren ýykgynçylykly hereket bilen baglylykda, dünýäniň onlarça ýurtlarynyň döwlet Baştutanlary gynanç bildirdiler.

Häzirki wagtda wakanyň bolan ýerinde raýatlary halas etmek işleri dowam edýär. Ýaralylara lukmançylyk kömegi berilýär. Agyr ýagdaýdaky adamlar köp. Jenaýat işi gozgaldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi ýykgynçylykly hereketi ýazgaryp çykyş etdi.

Ýykgynçylaryň daşky keşbi babatda ilkinji maglumatlaryň peýda bolandygyny Gazeta.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Telefon arkaly söhbetdeşlik
ÝÖB-niň başlygy Türkmenistanyň banka agza bolmagyna umyt edýär
Ýewraziýa ösüş banky Türkmenistany banka agza ýurtlaryň hatarynda görmek isleýär
Zelenskiý Szinpini Ukraina Sapara Çagyrdy
Ukraina: "Russiýanyň territoriýasyna hüjüm guramaýarys" diýdi
Ukrainanyň Daşary işler ministri harby kömekler barada beýannama berdi