“Porto” 80 sekuntda ýeňiş gazandy, Holann Mbappeniň rekordyna golaýlady

UEFA Çempionlar ligasynda 1/8 finalyň düýn oýnalan duşuşyklarynda “Porto” öz meýdançasynda “Ýuwentusy” 21, “Borussiýa Dortmund” bolsa myhmançylykda “Sewilýany” 32 ýeňdi. Iki topar hem garşydaşlaryny ilkinji gezek ýeňmegi başardy.

“Porto”“Ýuwentus” duşuşygynda ýer eýeleri her ýarymyň ilkinji minutynda tapawutlanyp, ýeňşini baýram etdi.Oýnuň 2-nji minutynda, has takygy, 61-nji sekundynda Mehdi Taremi portugal klubuny 1-0 öňe saýlady.

Ol utulan-çykdy tapgyrynda tapawutlanan ilkinji, umumylykda-da Çempionlar ligasynda gol geçiren 5-nji eýranly futbolçy boldy. Şeýle-de, bu gol “Ýuwentusyň” şu ýaryşyň çäginde derwezesinden geçirden 200-nji goly hökmünde hasaba alyndy. 2-nji ýarymyň ilkinji minutynda, has takygy, 16-njy sekundynda (46-njy minutda) Mussa Marega hasaby 2-0-a çykardy.

Duşuşygyň 82-nji minutynda Federiko Kiezanyň goly “Ýuwentusa” ýeňiş üçin ýeterlik bolmady.

Holann Mbappeniň rekordyna golaýlady

Beýleki duşuşykda myhmançylykdaky “Borussiýa Dortmund” ispan topary “Sewilýany” 3-2 hasabynda ýeňip, Germaniýa ýeňiş bilen dolandy. 7-nji minutda Suso ýer eýelerini öňe saýlasa-da, soňlugy bilen, 19-njy minutda nemes topary Dahuduň uzakdan owadan urgusy bilen hasaby deňledi. 27-nji we 43-nji minutlarda Erling Holannyň gollary 1-nji ýarymyň netijesini kesgitledi.

Holann 13-nji Çempionlar ligasynda 17-nji we 18-nji gollaryny geçirdi.Ol ýene-de 1 gezek tapawutlansa, Kilian Mbappeniň rekordyna şärik bolar.Duşuşygyň tamamlanmagyna 6 minut galanda Luuk de Ýonguň geçiren goly ispan klubuny jogap duşuşygy üçin az-owlak umytlandyrdy.

Iki duşuşygyň hem jogap oýunlary 9-njy martda oýnalar.

The post “Porto” 80 sekuntda ýeňiş gazandy, Holann Mbappeniň rekordyna golaýlady appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

PSŽ ýeňe-de ýeňildi, aratapawut azalýar
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
16 duşuşyk 48 gol
Mbappe Fransiýa EURO 2024-iň petegini gazandyrdy
2023-nji ýylyň iň köp pul gazanan futbolçylary, Ronaldo ep-esli girdeji bilen öňde barýar