Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan Italiýanyň Premýer-ministri Jorjiýa Meloni bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen Meloni telefon söhbetdeşliginde Türkiýe bilen Italiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklar, Ysraýylyň Palestinada edýän gyrgynçylygy bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Ysraýylyň Palestina garşy guraýan wagşyçylykly hüjümleriniň bes edilmegi we halkara hukugyna laýyklykda hereket etmegi üçin edilýän basyşyň artdyrylmalydygyny nygtady.

Erdogan Türkiýäniň ilkinji nobatda Gazada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi, ýesir çalşygy we Gaza yzygiderli ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin tagalla edýändigini belledi.

Prezident Erdogan, Ispaniýa, Irlandiýa we Norwegiýa ýaly Italiýanyň hem taryhyň dogry tarapynda ýer almagyny we Palestinany ykrar eden ýurtlaryň hataryna goşulmagyny arzuw edýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
Italiýanyň Frozinone şäheriniň Şekillendiriş sungaty akademiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy