Prezident Erdogan Klublar Bileleşiginiň başlygy Ali Koçy we ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Respublikanyň 100-nji ýyly bilen bagly çäreleriň çäginde, Prezident kompleksiniň Sergiler zalyndaky "Atyş we gol: Türk futbol taryhy sergisi" atly serginiň açylyşy mynasybetli Klublar Bileleşiginiň başlygy Ali Koçy we ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi.

Türk futbolynyň hak eden ýerine gelmegi üçin 20 ýyl bäri ähli mümkinçiliklerini ulanýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Aglabasy möhleti geçen stadionlary ýumuryp, ýerlerine halkara standartlara gabat gelýän uly göwrümli täze desgalary gurduk.

Türkiyede 36 stadionyň gurluşygy tamamlandy, 6-synyň gurluşygy dowam edýär, 4-si bolsa taslama we tender tapgyrynda.Nesip bolsa olary hem wagtynda tamamlap, türgenlerimiziň we sport muşdaklarynyň hyzmatyna bermegi maksat edýäris" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Golaýda tälimçisini çalşan klublar
“Barselona” kluby döredilýär
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Ejzajybaşy Dynawit Çempion Boldy
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Ahal düzümini ýaş futbolçylaryň ikisi bilen güýçlendirdi
Ahal futbol kluby resmi nyşanyny täzeledi