“Prezident Erdogan Uly Aktýor, Diňe Sebitimizde Däl Eýsem Dünýäde Uly Sarpa Goýulýar”

“Prezident Erdogan Uly Aktýor, Diňe Sebitimizde Däl Eýsem Dünýäde Uly Sarpa Goýulýar”

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitro Kuleba, Prezident R. T. Erdogan esasy aktýor, diňe sebitimizde däl eýsem dünýäde uly sarpa goýulýar”diýdi.

Dmitro Kuleba, Polşanyň paýtagty Warşwada geçirlen maslahata wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Habarçylaryň soraglaryna jogap beren Kuleba, “Ukraina bilen Russiýa gepleşik stoluna dolanyp gelen halatynda bu etap 2022-nji ýylyň mart aýyndaky ýaly Stambulda başlarmy” diýen soraga, “Şu günki güne çenli diňe Türkiýe, Russiýaly we Ukrainaly toparlaryň gepleşik geçirmegini ýola goýdy” diýip jogap berdi.

2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri söweşiň bes edilmegi üçin tagalla edýän ýurtlaryň garaýyşlaryna uly ähmiýet berendiklerine ünsi çeken Kuleba, “Prezident R. T. Erdogan uly aktýor, diňe sebitimizde däl eýsem dünýäde uly sarpa goýulýar”diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Jeki Çan fotosuratda tiz garramagynyň sebäbini düşündirdi
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
Jeýn Birkin aradan çykdy
Golliwudyň aktýorlary iş taşlaýşa taýýarlanýarlar
Tom Kruz özi baradaky ýakymsyz myş-myşy ýalana çykardy
Tom Kruz Işi ýerine ýetirip bolanok filmler tapgyryndan ýüz öwürmekçi däl