Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy

ABŞ-nyň Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis geljek ýyl ABŞ-nyň prezidenti wezipesine dalaş etjekdigini mälim etdi. “Men Amerikanyň beýik dolanyşyna baştutanlyk etmek üçin prezidentlige dalaş edýärin” – diýip, ol “Twitterde” ýazdy.

Desantis golaýda ABŞ-da 2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak maksady bilen resminamalaryny berdi. Degişli maglumatlar ABŞ-nyň Federal saýlaw toparynyň web sahypasynda mälim edildi.

Respublikan partiýa wekilçilik edýän 44 ýaşly Ron Desantis öňki prezident Donald Tramp bilen bilelikde prezidentlige dalaşgär bolmak üçin tagalla eder.

Ýene degişli makalalar

Trampyň uçary howa menzilinde başga uçar bilen çaknyşdy
Maýk Pens ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etmekçi
Respublikaçylaryň arasynda öňde barýar
Desantis geljek hepdede ABŞ-nyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmakçydygyny yglan eder
Tramp bäş möhüm ştatda öňde barýar
Respublikaçylaryň saýlawdan öňki duşuşygy