R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar

R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar

5-nji dekabrda Moskwa şäherinde Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler. Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyklyk etmeginde geçiriljek duşuşyga türkmen wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada RF-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowanyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berdi.

5-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň başlyklyk etmeginde Hazarýaka döwletleriň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär diýip, M.Zaharowa belledi.

M.Zaharowanyň aýtmagyna görä, bu duşuşyk arkaly 2022-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde gazanylan ylalaşygyň çäginde ministrler derejesindäki täze yzygiderli dialog ýola goýlar.

Mundan başga-da, rus diplomaty duşuşygyň dowamynda Hazarýaka hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna uly üns berlip, özara gyzyklanma bildirilýän köp sanly meselä garamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Hazarýaka döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň hem birnäçesiniň geçirilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi
Lawrow söýgüli naharlaryny agzady
ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar Boýunça Syýasatı Gaza Sektorunda Dartgynlyga Sebäp Bolýar