“Real Madrid” ýarym finalyň bosagasynda

UEFA Çempionlar ligasynda çärýek finalyň ilkinji 2 duşuşygynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.Kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” öz meýdançasynda “Liwerpuly” kabul etdi.Esasan hem 2-nji ýarymy çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Reala” ýeňiş getiren gollary Winisius Junior (27, 65) bilen Marko Asensio (36) derwezä girizdi. “Liwerpulyň” ýeke-täk pökgüsini-de Mohamed Salah (51) öz adyna ýazdyrdy.

Salah 4-nji oýnunda “Realyň” derwezesinden ilkinji goluny geçirdi. Çempionlar ligasynda 28-nji goluny geçiren müsürli ýyldyz oýunçy bu ugurda Raýn Giggsi yzda galdyrdy. Ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 12 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Real Madrid” topary “Liwerpuly” yzly-yzyna 4-nji duşuşygynda-da ýeňlişe sezewar etdi.

Zinedin Zidan tälimçi hökmünde Çempionlar ligasyndaky 50-nji duşuşygyny 31-nji ýeňşini gazandy.

Jogap oýny 14-nji aprelde oýnalar.

The post “Real Madrid” ýarym finalyň bosagasynda appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

… we “Altyn top” baýragynyň eýesi Karim Benzema
“Liwerpula” 5 oýundan bäri ýeňmek başardanok
Real täze hüjümçileri satyn almaz
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyry: Real we Siti birinji duşuşyklarynda ýeňiş gazandy
Messi 17 ýyldan soň sanawda ýok, Ronaldo yzly-yzyna 18-nji gezek dalaşgär
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi