“Real Madrid” ýaş oýunçysyny “Liona” ugratdy

“Real Madrid” ýaş oýunçysyny “Liona” ugratdy

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň braziliýaly hüjümçisi Endrik möwsümiň galanyny Fransiýanyň “Lion” toparynda kärendesine geçirer. Ýagny 19 ýaşyndaky oýunçy iýul aýyna çenli “Lionda” kärendesine çykyş eder. “Lion” topary ispan klubuna Endrigiň kärende tölegi hökmünde 1 million ýewro berer. 2024-nji ýylyň tomsunda “Realyň” düzümine goşulan Endrik şu möwsümde bary-ýogy 3 duşuşykda meýdança çykyp, gola degişli ýeke görkeziji hem gazanyp bilmedi.

Geçen möwsümde köpüsi ätiýaçdan 37 oýunda meýdança çykypdy we 7 gol geçirip, 1 asist edipdi.

Ýene degişli makalalar

Endrigiň het-trigi
Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
“Brest” topary geň galdyrmagyny dowam edýär (habar-seljerme)
“FIFA The Best” 2024-iň dalaşgärleri mälim edildi
“Red Bull” bu gezek “Aston Willany” ganatlandyrdy
Mingazow Gonkongyň ýyldyzlarynyň düzüminde Messä garşy ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşar