"Real" soňky üç ýylda transferler üçin, takmynan, 400 million ýewro ýitirdi

"Real" soňky üç ýylda transferler üçin, takmynan, 400 million ýewro ýitirdi

Madridiň "Realy" soňky üç ýylda transferler üçin, takmynan, 400 million ýewro ýitirdi. Bu barada gazeta.ru habar berdi.

2018-nji ýyldan bäri satyn alnan oýunçylaryň arasynda diňe Tibo Kurtua we Ferlan Mendy toparyň esasy düzüminde ýerleşmegi başardy. Şeýle hem ozal satyn alnan ähli futbolçylaryň transfer bahasynyň peselendigi bellenildi.

Mysal üçin, Azaryň öň 120 million ýewro bolan bahasy häzirki wagtda, takmynan, 50 million ýewro barabar. Ýeri gelende bellesek, Madridiň "Realy" Ispaniýanyň Superkubogynyň ýarym final oýnunda "Atletikden" ýeňlip, ýaryşy wagtyndan ir tamamlady.

Ondan öň toparyň baş tälimçi Zinedin Zidanyň ýerini tutjak hünärmeni gözleýändigi habar berlipdi.Zidanyň topardan gitmekçi bolmagynyň sebäbini onuň transfer meýilnamalarynyň kanagatlandyrylmaýandygy bilen düşündirýärler.

Ýene degişli makalalar

Zidan: "Benzema taryhda iň gowy fransuz hüjümçisi"
"PSŽ" Çempionlar ligasynda ýeňilse, Mbappeni elden gidirip biler
Ýylyň iň gowy oýunçysyny we tälimçisini saýlamakda Türkmenistan kime ses berdi
Sportuň taryhynda şu gün 22-nji dekabr
“Real” Zidanyň ornuny tutjak hünärmeni saýlady
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi