Respublikan Halk partiýasynyň täze başlygy Özgür Özel boldy

Respublikan Halk partiýasynyň täze başlygy Özgür Özel boldy

Manisa welaýatyndan deputat bolan we Respublikan Halk partiýasynyň topar ýolbaşçysy Özgür Özel Respublikan Halk partiýasynyň 38-nji nobatdaky kongresiniň 2-nji tapgyrynda 812 ses alyp, partiýanyň başlyklygyna saýlandy.

Partiýanyň başlyklyk saýlawynyň ilkinji tapgyrynda sesleriň köplügi alynyp bilinmändigi üçin saýlawyň 2-nji tapgyry geçirildi.

Ikinji tapgyrda berilen sesler sanalanyndan soň, Özgür Özeliň 812 ses alyp Respublikan Halk partiýasynyň täze başlygy hökmünde saýlanandygy habar berildi.

Ýaryşa partiýanyň başlygy hökmünde gatnaşan Kemal Kylyçdarogly bolsa 536 ses aldy.

Kemal Kylyçdarogly partiýanyň 8-nji başlygy bolan Özgür Özeli gutlady.

Ýene degişli makalalar

Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler
Ahalteke atym uçar ganatym
Wýetnamyň Prezidenti wezipesinden çekildi
Soçi Berdiýewiň baş tälimçilige bellenilendigini resmi ýagdaýda mälim etdi
Wekiller palatasynyň täze başlygy
Prezident Erdogan, Täze Azerbaýjan Partiýasyny 30 Ýaşy Bilen Gutlady