Rim Papasy 86 ýaşady

Rim Papasy 86 ýaşady

17-nji dekabrynda Rim Papasy Fransisk 86 ýaşyny belledi diýip, Vatican News portalyna salgylanýan Interfax.ru habar berdi.

Şol gün Papa Rimdäki öýsüzler üçin umumy ýaşaýyş jaýyna baryp gördi we güzerany pes adamlara ýardam edýänleriň üçüsine minnetdarlyk bildirdi, olar: Werona şäherinden bolan telekeçi, fransiskançy dindar we belli bir ýaşaýan ýeri bolmadyk işjeňdir.

Fransiski doglan güni bilen Italiýanyň Prezidenti, 81 ýaşly Serjo Mattarella gutlady.

Argentinada doglan Horhe Mario Bergoli 2013-nji ýylda Rim Papasy saýlandy. Ol özüne Fransisk diýen ady aldy.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan bilen Italiýanyň arasyndaky gatnaşyklar
Tokaýew resmi sapar bilen Italiýa bardy
Zelenskiý Germaniýa Bardy
Emomali Rahmon Rim Papasy bilen duşuşdy
Rim Papasy işden gitmek barada pikir etmeýändigini habar berdi
Dünýäniň dört künjeginden Türkiyä ynsanperwer kömekler gelmäge dowam edýär