Ronaldo 5-nji orna geçdi

Italiýanyň çempionatynda “Ýuwentus” “Parmany” Ronaldonyň gollary bilen 21 utdy.Karýerasyndaky gollarynyň sany 736-a ýeten Ronaldo bu ugurda germaniýaly Gerd Müllerden öňe saýlanyp, umumy sanawda 5-nji basgançaga beýgeldi. “Leççe” bilen 11 oýnan “Inter” bassyr 2-nji gezek deňme-deň oýnap, çempionlyk ugrunda uly ýitgä sezewar boldy.

Immobileniň het-trik eden oýnunda “Lasio” Rimde “Sampdoriýany” 51 hasaby bilen ýeňmegi başardy.Bir aýa golaý arakesmeden soň, Germaniýanyň “Bundesligasynda” möwsümiň 2-nji aýlawy başlady.Sanawyň lideri “Leipsig” öz meýdançasynda “Ýunion Berlini” kabul edip, 31 hasabynda ýeňdi. “Bawariýa” bolsa Berliniň başga bir kluby “Herta” bilen myhmançylykda duşuşyp, 40 hasabynda ýeňiş gazandy. 8 goluň geçirilen oýnunda “Borussiýa Dortmund” myhmançylykda “Augsburgy” 53 utdy. Ýer eýeleri 31 öňe saýlanan hem bolsa, dortmundlylar täze transferi Erling Holandyň het-trigi bilen ýeňiş gazanmagy başardy.Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” täze tälimçisi Kike Setieniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji oýnunda “Granadany” Messiniň goly bilen 10 utdy. “Sewilýany” kabul eden “Real Madrid” Kasemironyň dubl etmeginde 3 utugy gazanmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

“Serie A”-da möwsüm tamamlandy
“Serie A-nyň” täze möwsümi
“Ýuwentusyň” yzly-yzyna 9-njy çempionlygy
Ýuwentusyň yzly-yzyna 9-njy çempionlygy
Messiniň 34-nji het-trigi
1-nji ýarymda “Milan”, 2-nji ýarymda “Inter”