“Serie A”-da möwsüm tamamlandy

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 88-nji möwsüm (umumylykda 118-nji möwsüm) tamamlandy. Soňky tapgyrda çempion “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Romadan” 3-1 asgyn geldi. Duşuşykda “Ýuwentus” ätiýaçdaky oýunçylary bilen meýdança çykdy. “Ýuwentusyň” tälimçisi Mauriso Sarri “Serie A”-da ilkinji gezek çempionlyk gazanýar.

100 gola ýetip bilmedi

Myhmançylykda “Atalantany” 2-0 ýeňen “Inter” çempionaty 2-nji orunda tamamlady. “Atalanta” 12-nji tapgyrdan soň, ilkinji gezek 1 duşuşykda gol geçirip bilmedi. Şeýle-de, “Atalanta” bu möwsümde-de 100 goluň bosagasyndan gaýdyp, bergamolylar 70 ýyldan soň 100 gol geçiren ilkinji topar bolmaga golaýlapdylar. “Atalanta” çempionaty bassyr 2-nji gezek bürünç medal bilen tamamlady.

Immobile “Altyn butsyny” gazandy

4-nji ýeri “Lasio” eýeläp, olar soňky tapgyrda “Napoliden” 3-1 asgyn geldiler.Duşuşykda rimlileriň ýeke-täk goluny geçiren Çiro Immobile şu möwsümde 37-nji oýnunda 36-njy gezek tapawutlanyp, diňe bir “Serie A”-da däl, eýsem, Ýewropada-da iň netijeli oýunçy boldy.

Ol Luka Toni we Françesko Tottiden soň, “Altyn butsy” baýragyny gazanan 3-nji italýan futbolçysy bolmagy başardy. Şeýle-de ol “Serie A”-da 36 gol geçirmek bilen Jino Rosettiniň (“Torino”, 1928-29) hem-de Gonzalo Higuainiň (“Napoli”, 2015-16) rekordyny gaýtalady.

Arakesmeden soň 1 oýunda-da ýeňilmedi

“Kaliarini” 3-0 ýeňen “Milan” mejbury arakesmeden soň, “Serie A”-da geçiren 12 duşuşygynyň hiç birinde-de ýeňilmedi. Çempionaty 6-njy basgançakda tamamlan “Milan” 12 oýunda 9 ýeňiş gazandy.

Şeýle-de “Parmadan” 43 hasabynda utulan “Leççe” topary SPAL we “Breşiýadan” soň çempionat bilen hoşlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Ronaldo 5-nji orna geçdi
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Şu gün “Serie A”-nyň 89-njy möwsümine badalga berler
“Serie A-nyň” täze möwsümi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar