Ronaldo Ginnesiň rekordlar kitabynda

Dünýä futbolynyň iki super ýyldyzynyň biri Kristiano Ronaldo taryhy rekord goýdy.

Ol EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň çäginde Portugaliýanyň myhmançylykda Islandiýa bilen geçiren duşuşygynda esasy düzümde meýdança çykdy.Duşuşykdan öň ol Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.Bu duşuşyk onuň milli ýygyndydaky 200-nji oýny hökmünde hasaba alyndy.

Oňa duşuşykdan öň bu görkezijini tassyklaýan hat gowşuryldy. Şunlukda, Ronaldo IFFHS-niň maglumatlaryna görä, ol milli ýygyndyda 200 duşuşyk geçiren ilkinji futbolçy boldy.Ondan öň malaýziýaly Son Çin Ann 219 duşuşyk geçiripdir. Ýöne onuň duşuşyklarynyň 24-si Olimpiýa ýygyndynyň düzümindäki resmi däl duşuşyklardyr. Şol sebäpli Ronaldo bu ugurda rekordyň eýesidir.

Islandiýa Portugaliýa duşuşygy 1-0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Ýeke-täk goly-da 89-njy minutda super ýyldyz Kristiano Ronaldo derwezä girizdi. Bu onuň saýlama tapgyryndaky 5-nji goly boldy. Ronaldonyň milli topardaky gollarynyň sany-da 200 oýunda 123-e ýetdi. Ol 47 goluň hem pasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýene bir ýygyndy Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy
Ronaldo toparyny Ýewropa çempionatyna çykardy
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi
EURO 2024-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
Dünýä Syýahat deňiz syýahatçylygyny hödürleýär
Energiýa elýeterliligi boýunça öňde