Ronaldo Mançesterde

Ýuwentusdaky türgenleşigini taşlap, topardaşlary bilen hoşlaşan super ýyldyz Kristiano Ronaldo Mançestere gaýtdy.Iki günden bäri Mançester şäheriniň gök reňkli tarapyna geçýär diýilen ýyldyz oýunçy ozalky kluby Mançester Ýunaýted bilen şertnama baglaşandygy habar berildi.

Siti bilen geçirilen gürrüňleriň arasyna goşulan Mançester Ýunaýted ýyldyz oýunçyny 2 ýyllyk şertnama bilen hataryna goşdy.Ronaldo Ýunaýtedden ýyllyk 25 million funt sterling hak alar. Ýuwentus topary bolsa Ronaldonyň transferinden 28 million funt sterling pul gazanar.

Bu barada belli žurnalist Janluka Di Marzia habar berýär. 36 ýaşyndaky Ronaldo 2003-2009-njy ýyllar aralygynda-da Mançester Ýunaýtedde oýnapdy.

Ronaldonyň Ýuwentusdan gaýdandygy anyk. Muny italýan klubunyň tälimçisi Massimiliano Allegri hem tassyklady. Ýöne Ronaldonyň Mançesteriň haýsy kluby bilen şertnama baglaşandygy häzirlikçe resmi ýagdaýda belli däl. Käbirleri Mançester Siti diýse, has köpler, has resmi çeşmeler onuň Ýunaýted bilen ylalaşandygyny aýdýarlar. Öňümizdäki sagatlarda munuň aýdyňlaşdyrylmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Pol Pogba Ýuwentusa 3 hepde kömek edip bilmez
Dünýä Kubogyna 12 gün galdy
Ýylyň iň gowulary
Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionatlarynyň täze möwsümi
“Serie A-da” tälimçi çalşyk döwri
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
Sportuň taryhynda şu gün 11-nji awgust