Ronaldo “Ýuwentusdan” gitmekçi bolýar

Italýan metbugatynda çykan habarlara görä, portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo möwsümiň ahyrynda “Ýuwentusdan” başga topara gider.Habarda 36 ýaşly oýunçynyň menejeri Horge Mendese özi üçin klub tapmagyny tabşyrypdyr.

Italiýanyň meşhur sport neşiri “La Gazette della Sport” bu barada kineli ýagdaýda: Aýrylyşdylar, ýöne bile ýaşaşýarlar” diýen setirler bilen habar berdi. Ýuwentusa 3 möwsüm öň transfer bolan ýyldyz oýunçynyň esasy arzuwy kluba Çempionlar ligasynda kubok gazandyrmakdy. Ýöne Ýuwentusa portugaliýaly ýyldyz oýunçy geleli bäri ýarym finala hem çykmak başardanok.

Ronaldonyň mundan soňky duralgasy bolsa, Mançester Ýunaýted ýa-da PSŽ-niň bolmagy mümkin. Onuň ozalky kluby Real Madride dolanmajakdygyny bolsa, Florentino Perez aýdypdy.

Şeýle-de bu möwsümde çempionlygy aldyran Ýuwentusda tälimçi Andrea Pirlonyň hem wezipesinden boşadyljakdygy, onuň ornuna ozalky tälimçilerinden Massimiliano Allegriniň bellenjekdigi habarlarda bellenilýär.

The post Ronaldo “Ýuwentusdan” gitmekçi bolýar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Pol Pogba Ýuwentusa 3 hepde kömek edip bilmez
Dünýä Kubogyna 12 gün galdy
Ýylyň iň gowulary
“Serie A-da” tälimçi çalşyk döwri
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
“Bawariýa” Kowaçy wezipesinden boşatdy