Ronaldunyň topardaşy türkmen ýygyndysyna garşy: Özbegistan CAFA Nations Cup ― 2023 üçin milli ýygyndysyny yglan etdi

Ronaldunyň topardaşy türkmen ýygyndysyna garşy: Özbegistan CAFA Nations Cup ― 2023 üçin milli ýygyndysyny yglan etdi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň CAFA Nations Cup ― 2023-däki topardaşy ― Özbegistanyň ýygyndysynyň ýaryş üçin düzümi mälim edildi. Bu barada ýurduň Futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Milli ýygynda ýurduň U-20 ýygyndysy bilen dünýä çempionatyna gatnaşan oýunçylarda Abdukodir Husanow bilen Abbosbek Faýzullaýew hem çagyryldy.

Ine, Özbegistanyň ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionaty üçin düzümi:

Derwezeçiler:

Abduwohid Nematow (Nasaf), Botirali Ergaşew (AGMK), Utkir Ýusubow (Nawbahor).

Goragçylar:

Ibrohim Halil Ýuldaşew (Nižniý Nowgorod), Farruh Saýfiýew (Pahtakor), Abdukodir Husanow (Energetik-BGU), Hojiakbar Alijonow (Pahtakor), Alibek Dawronow (Nasaf), Umarbek Eşmurodow (Nasaf), Abdulla Abdullaýew (AGMK), Şerzod Nasrullaýew (Nasaf), Dilşod Saitow (Pahtakor).

Ýarym goragçylar:

Odiljon Hamrobekow (Pahtakor), Abbosbek Faýzullaýew (Pahtakor), Otabek Şukurow (Fatih Karagümrük), Aziz Turgunboýew (Pahtakor), Oston Urunow (Nawbahor), Akmal Mozgowoý (Nasaf), Jamşid Iskanderow (Nawbohor), Jaloliddin Maşaripow (Al Nassr), Sardor Sobirhujaýew (Pahtakor), Jamşid Baltoboýew (Nawbohor), Hojimat Erkinow (Torpedo).

Hüjümçiler:

Jasur Ýahşiboýew (Nawbohor), Eldor Şomurodow (Spesiýa), Bobir Abdiholikow (Ordabasi), Igor Sergeýew (Tobol).

Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanyň ýygyndysy ýaryşyň A toparçasyna wekilçilik edýär. Duşuşuklary Daşkent şäherinde geçiriljek bu toparça Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Omanyň ýygyndylary hem agzadyr.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar
Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär
Çydamly telefonlary öndürýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Merkezi Aziýada iň köp top geçiren oýunçy boldy
AGMK bilen Pahtakor Özbegistanyň kubogynyň finalyna çykdy
Maşynyň gyşda hem ilkinji gezekde otlanmagy üçin näme etmeli?