Rowachlan Galkynysh HK daşary ýurtly müşderileri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär

Rowachlan Galkynysh HK daşary ýurtly müşderileri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär

Rowachpack haryt nyşanly polipropilen gaplaýyş gaplaryny eksporta ugradýan Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyklaryny giňeltmegi netijeli dowam etdirýär. Häzirki wagtda olaryň hataryna Russiýa Federasiýasyndan we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar we önümçilikler girýär. Ýewropadan we Günorta Amerikadan gelen işewür hyzmatdaşlar bilen hem gepleşikler dowam etdirilýär.

Rowachpack haryt nyşanly önümler — bu polipropilen haltalar, bu hili haltalary tikmekde ulanylýan rulon-ýeňlikler, şeýle-de 300 — 3000 kg aralygyndaky ýükleri götermäge ukyply, ýörite ýükleme saplary bolan ýumşak konteýnerler — big-begler.

Ýokary derejedäki berkligi, könelmeýän aýratynlygy, ekologik arassalygy, sarp edijileriň isleglerini ýerine ýetirmek mümkinçiligi, şeýle hem öndürijiniň ygtybarlylygy we jogapkärçiligi bilen tapawutlanýan bu önümleriň ýokary hilli bolmagy Rowachpack haryt nyşanynyň polipropilen gaplaryna hemişe ünsi çekýär.

Rowachlan Galkynysh HK-nyň habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69. Elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com.

Ýene degişli makalalar

Rowachpack kärhanasynyň polipropilenden taýýarlanýan önümleri halkara ülňülerine laýyk gelýär
Hekem HK emlägi bahalandyrmak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Nurana Taslama HK Ahal welaýatynda gurulýan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň paýly gurluşygyna gatnaşyjylaryň kabul edilişigini yglan edýär
Rowachlan Galkynysh göterijili ýokary hilli big-beg gaplaryny hödürleýär
Ýönekeý Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek eder
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal