Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy

Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukraina bilen gazanylan ýesir çalşygy ylalaşygynyň çäginde russiýaly 195 ýesir bilen ukrainaly 195 ýesiň çalşylandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, Russiýa bilen Ukrainanyň ýesirlerini çalşandygy nygtaldy.

Beýannamada, “Geçirlen gepleşikleriň netijesinde Ukrainanyň gözegçiligi astyndaky sebitlerden 195 rus ýesiri yzyna alyndy we Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň 195 ýesiri hem yzyna berildi. Rus esgerleri ýörite uçarlar bilen Moskwa getirler we bejergi alarlar”diýildi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý hem sosial mediadan beren beýannamasynda ýesir çalşygyna ünsi çekdi.

Zelenskiý “207 esger bilen asuda ilatymyz öýlerine dolandy. Ähli ýesirlerimiziň yzyna getirilmegi üçin tagalla edýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Bilen Ukraina Ýesir Çalşygyny Etdi
Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi
Russiýa bilen Ukrainanyň Arasynda Ýesir Çalşygy Edildi
“Hamas bilen Ysraýyl Ýesirlerini Çalşyp Biler”
BMG, Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasyndaky Ýesir Çalşygyna Kanagatlanma Bildirdi
Ysraýyl Bilen Hamas Ýesirlerini Çalyşdy