Russiýa bilen Ukrainanyň Arasynda Ýesir Çalşygy Edildi

Russiýa bilen Ukrainanyň Arasynda Ýesir Çalşygy Edildi

BAE-niň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky ýesir çalşygy boýunça gepleşiklere eden töwellaçylygynyň netije berendigi nygtaldy.

Beýannamada BAE-niň töwellaçylyk üstünliginiň Russiýa we Ukraina bilen güýçli gatnaşyklara esaslanýandygy bellenilip; “Urşuň başyndan bäri iki tarapyň arasynda esasy ýesir çalşyklaryndan biri edildi” diýilýär.

Ýesir çalşygynyň sany hakynda maglumat berilmedik beýannamada, Russiýanyň we Ukrainanyň hökümetleriniň BAE-niň töwellaçylyk tagallalarynda eden hyzmatdaşlygyna kanagatlanma bildirildi.

BAE-niň “Ukrainadaky çaknyşyga parahatçylykly çözgüt tapmagy maksat edinýän tagallalary dowam etdirmekdäki ygrarlylygyna” üns çekilen beýannamada, resmi Abu Dabiniň diplomatiýa, dialog we dartgynlygyň azaldylmagy boýunça çagyryşy bilen çykgynsyzlygyň netijelerini ýeňletjek ähli başlangyçlary goldaýandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu, Hamasyň Ýesir Çalşygy Üçin Beren Teklibini Kabul Etmedi
Russiýa Bilen Ukraina Ýesir Çalşygyny Etdi
Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy
“Hamas bilen Ysraýyl Ýesirlerini Çalşyp Biler”
BMG, Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasyndaky Ýesir Çalşygyna Kanagatlanma Bildirdi
Ysraýyl Bilen Hamas Ýesirlerini Çalyşdy