RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER- MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER- MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK BARADA

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Wasil Şaýhraziýewyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Tatar kyzy halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, bu bäsleşigiň milli däpleri, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga we medeniýetara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän möhüm medeni-ynsanperwer meýdança hökmünde ähmiýeti bellenildi.

Türkmen tarapy öňde boljak çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge we onuň üstünlikli geçirilmegi üçin zerur şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar mundan beýläkki netijeli hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-inde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda “Tatar kyzy” halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-leriniň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi
Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Türkmenistanyň DIM-inde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi