Russiýa halkara guramalar bilen Talibanyň arasynda araçylyk edýär

Russiýa halkara guramalar bilen Talibanyň arasynda araçylyk edýär

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, ýurdunyň Owganystana ynasanperwer kömekleriň ýetirilmegi babatynda halkara guramalar bilen Talibanyň arasynda ylalaşyga gelinmegi üçin araçylyk edýändigini mälim etdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Rossiýa-24 telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Owganystanyň soňky ýagdaýynyň üstünde durup geçdi.

Russiýanyň Owganystana ynsanperwer kömekleriň ýetirilmegi babatyndaky işleriniň üstünde durup geçen Lawrow, bu ýurda indi ynsanperwer kömekleriň ýetirilmeginiň gerekdigini beýan etdi.

Günbatar ýurtlaryň Owganystana goşant goşmaga başlandygyny görendiklerini aýdan Lawrow, şol kömekleriň nähili paýlanjakdygynyň mesele bolmagynda galýandygyny aýan etdi.

Lawrow: "Ençeme ýurt ynsanperwer kömekleri gönüden hökümede bermek isleýär, halkara guramalaryň araçylyk etmegi bilen iş salyşmak isleýärler. Muňa bir sebäp hökmünde garaýarys we Kabuldaky hökümet bilen ynsanperwer guramalar başda bolmak bilen halkara guramalaryň degişli işleri alyp barmagynda ylalaşyga gelmegine kömek berýäris" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Owganystan çaknyşyklarda 55 adamyň ýogalandygyny, Pakistan 415 terrorçynyň öldürlendigini aýdýar
Pakistan Kabula we Owganystanyň serhetýaka welaýatlaryna täze howa hüjümlerini amala aşyrdy
Kabul Yslamabatda guralan hüjümiň Owganystanda meýilleşdirlendigi hakyndaky garaýyşlary ret etdi
Pakistanda Polisiýa Ulagyna Hüjüm Guraldy
Owganystanda uniwersitetler gyz talyplar bolmadan açyldy
Pakistanda Bolan Çaknyşykda 3 Esger Ýogaldy