Russiýa: "Ukraina ammiak turbasyny partlatdy" diýdi

Russiýa: "Ukraina ammiak turbasyny partlatdy" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, 5-nji iýunda Moskwa wagty bilen sagat 21:00-da Harkow sebitindäki Masýutowka ýaşaýyş zolagynyň golaýyndan geçýän ammiak turbasynyň partladylandygy mälim edildi.

Beýanatda: "Ukrainaly sabotaž we gözegçilik toparlary Harkow sebitiniň golaýynda Tolýatti-Odessa ammiak torba liniýasyny partlatdy. Şol terrorçylykly aksiýanyň netijesinde asuda ilatyň arasynda ýitgiler çekildi. Şol adamlara lukmançylyk kömegi berildi" diýip habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, partladylan turba liniýasynyň abatlaýyş işleriniň 1-3 aý aralygynda dowam edip biljekdigini, wakany derňemek üçin tagalla etjekdiklerini aýan etdi.

Zaharowa turba liniýasyny ýaňdandan işletdirmek üçin Ukraina tarapynyň gyzyklanma bildirmeýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ÝB-niň Raýatlary Donbass Üçin Söweşmez
Russiýanyň daşary işler ministri Hytaýda saparda bolýar
Russiýa: "Ukraina Belgoroda hüjüm gurady" diýdi
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Özbek mekdebinde dörän dil hadysasy Moskwa bilen güýçli çekeleşik döretdi