Russiýa Ukrainaday Sowutly Ulaglaryň Durýan Ammarlaryny Urdy

Russiýa Ukrainaday Sowutly Ulaglaryň Durýan Ammarlaryny Urdy

Ministrligiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, rus goşunlarynyň Russiýa-Ukraina söweşi hakynda Moskwada beýannama berdi.

Rus harby güýçleriniň Ukrainadaky hüjümleriniň dowam edýändigini aýdan Konaşenkow; “Russiýanyň ýaragly güýçleri gije ukrain harby güýçleriniň esgerleriniň we daşary ýurtly hakynatutma esgerleriň wagtlaýyn ornaşan ýerlerine, daşary ýurt sowutly ulaglaryň goýulan ammarlaryna deňizden uzak menzilli ukyply ýarag bilen hüjüm gurady” diýdi.

Konaşenkow hüjümde kesgitlenen ähli nyşanalaryň urlandygyny öňe sürdi.

Ukrainanyň strategik güýçleriniň ýitgi çekendigini beýan eden Konaşenkow; “Şu günki güne çenli ukrain goşunlaryna degişli 451 uçar, 241 dik uçar, 4,908 uçarmansyz howa ulagy, 426 howa goranyş raketa ulgamy, 10,547 tank we sowutly ulag, 1135 raketa, 5,356 gaubisa we top bilen 11,468 ýörite harby ulag hatardan çykaryldy” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Russiýa Ukrainanyň Nowoselowskoýe şäherçesini gözegçiligi astyna aldy
Hakan Fidan bosniýaly kärdeşi Konakowiç bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
" Ukrain Goşunyna Zarba Urmaga Dowam Edýäris"
Konaşenkow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Tussaghana Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy
“Tussaghana Ukrain Güýçleri Tarapyndan Bombalandy”