Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy kwota boýunça RF-da okamak isleýänlerden seçilenleriň sanawyny çap etdi

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy kwota boýunça RF-da okamak isleýänlerden seçilenleriň sanawyny çap etdi

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyklaryň şol sanda,rus raýatlarynyň 2022/2023 okuw ýyllary üçin RF-niň hökümetiniň bellän federal býujetiniň hasabyna Russiýada okamak isleýänlerden seçilip alynanlaryň jemleýji sanawyny çap etdi.

Bu barada ilçihana resmi saýtynda habar berdi

Çap edilen şol sanaw bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin.

Seçilip alynmanyň birinji tapgyryndan geçenler, şol sanda, sanawyň ätiýaç bölegindäkiler 19-njy marta çenli zerur bolan saglyk güwänamany ( 86U görnüşdäki formany,gepatitiň B we C görnüşleri, inçekesel, WIÇ/SPID-iň barada resminamany) şu mail adrese ýollamaly: otdel.turkmenistan@gmail.com

Ilçihananyň habaryna görä, tehniki sebäpler bilen ilteşikli häzir education-in-russia.com saýty işlemeýär.

Aragatnaşyga girmek üçin sagat 9.00-dan 15.00-e çenli +993 65898541 sana jaň etmek mümkin.The post Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy kwota boýunça RF-da okamak isleýänlerden seçilenleriň sanawyny çap etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Täze ýylyň öňýany ýurduna dolanýan türkmen migrantlary aeroportda güýçli barlanýar
19.07.2019 | Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
Türkmen hökümedi döwlet serhetlerini ýapdy, koronawirusy ilkinji gezek resmi derejede agzap, ýurtda kesellänleriň ýokdugyny aýtdy
Geteralar territoriýasy: türkmen geýleri yzarlanmadan nähili gaçýarlar
Türkmenistan ilatyna köpçülikleýin waksina sanjymyny edip başlady