Şa Salman, Baýdeniň Ýurduna Gurajak Saparyndan Öň Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär

Şa Salman, Baýdeniň Ýurduna Gurajak Saparyndan Öň Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär

Saud Arabystanynyň Şasy Salman bin Abdulaziz, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýurduna gurajak saparynyň öňüsyrasynda Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Müsür tarapyndan berlen beýannama görä, Şa Salman bilen Sisi telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lideriň telefon söhbetdeşliginde özara bähbide esasalanýan sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.

Saud Arabystanynyň Şasy Salman bin Abdulaziz Al Suud mundan başgada Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan we Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, düýn Ysraýyly, Palestinany we Saud Arabystanyny öz içine alýan Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň ilkinji duralgasy bolan Ysraýyla bardy.

Baýdeniň iýul aýynyň 13-16-y aralygynda gurajak saparynyň soňky gününde Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde Müsüriň, Yragyň we İordaniýanyň ýolbaşçylary bilen Aýlag ýurtlarynyň liderleriniň gatnaşmagynda geçiriljek maslahata gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Erdoganyň Aýlaý Sebitine Döwlet Sapary
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
Saud Arabystany Sudana Ýardam Konferensiýasyna Ýer Eýeçiligini Eder
Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler
Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystanyna iş sapary tamamlandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny