Şähdaçyk bolmak üçin

Köp adam irden özüni ýadaw duýýar. Şeýle bolansoň, kofe içmegi endik edinýär.Geçirilen soňky barlaglarda ertirki maşklary ýerine ýetirmegiň ukudan açylmak we özüňi şähdaçyk duýmak üçin has täsirli usuldygy ýüze çykaryldy.

Munuň üçin 20 minutlyk maşk ýeterlik.Angliýanyň Portsmut uniwersitetiniň geçiren barlaglarynda ertirki maşkyň bedeni gurplandyrýandygy, gan aýlanyşy kadalaşdyryp, beýniniň işjeňligini artdyrýandygy hem-de şähdiňi açýandygy anyklandy.Bilermenleriň hersi 12 meýletinçiden düzülen iki toparda barlag geçiripdir.

Toparlaryň birine 3 günläp diňe gijesine 5 sagat uklamaga rugsat berlipdir.Olara her gün irden 7 iş tabşyrylypdyr, 20 minut welosiped sürenden soňra bolsa, şol tabşyryklary gaýtadan ýerine ýetirmekleri soralypdyr.

Netijede, meýletinçileriň welosiped sürenden soňra şol işleri has gowy ýerine ýetirendikleri, şeýle hem az uklamagyň her adama başgaça täsir edýändigi anyklanypdyr.

Bahar AGAÝEWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Çalt ýöremek maslahat berilýär
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
26-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda döredijilik bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenildi
21-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
1-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal