Saharow sylagyna Ukrainanyň halky laýyk görüldi

Saharow sylagyna Ukrainanyň halky laýyk görüldi

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Roberta Metsola Fransiýanyň Strasburg şäherindäki Ýewropa Parlamentiniň Baş geňeşi dowam edýän mahaly sylagyň Ukrainanyň batyr halkyna berilendigini mälim etdi.

Sylagyň Russiýa garşy söweşýän, göçmäge mejbur edilen, ýakynlaryndan we dostlaryndan mahrum bolan, ynançlary üçin göreş alyp baran ukrainalylara berilendigini aýdan Metsola: "Ukrainanyň batyr halkynyň asla dänmejekdigini bilýärin. Biz hem dänmeris" diýip belledi.

Metsola Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşiniň Ukrainanyň halkyna uly çykdajysynyň bolandygyny, ukrainalylaryň diňe öýleri, topraklary, garaşsyzlyklary üçin däl, eýsem şol bir wagtda demokratiýasy, hukugyň üstünligi we Ýewropa gymmatlyklary üçin söweşýändigini aýan etdi.

Adyny SSSR-iň fizikçisi we syýasy oppozisioneri Andreý Saharowdan alan sylag, 1988-nji ýyldan bäri her ýyl Ýewropa Parlamenti tarapyndan berilýän pikir azatlygyny goldaýan adamlara we guramalara berilýär.

Şu ýylky sylaglama dabarasy 14-nji dekabrda Fransiýanyň Strasburg şäherindäki Ýewropa Parlamentiniň Baş geňeşinde geçiriler.

Saharow sylagy geçen ýyl bolsa rus oppozisioner Alekseý Nawalna berilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Hazar deňzi boýunça ylmy hyzmatdaşlyga çagyrýar, 2023-nji ýylda 330 sany türkmen talyby Belorusyň ýokary okuw mekdeplerine girdiler, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi Maýyplara goldaw merkezine mekdep esbaplaryny gowşurdy we beýleki habarlary
Hileler, hýbatlar, betbagtçylyklar: Russiýanyň harby mobilizasiýasynda merkezi aziýaly migrantlar nyşana alynýar
Paralimpiýaçy türgenler sylaglandy
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary atly saz festiwalynda çykyş etdiler
Diktatoryň ölümi: awtoritar hökümdar ýogalansoň, näme bolup geçýär?
Halkara festiwalyň çäginde türkmen artistleri Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler