Şahtadan tapylan XIX asyra degişli Levi's jinsileri 87400 dollara satyldy

Şahtadan tapylan XIX asyra degişli Levi's jinsileri 87400 dollara satyldy

Nýu-Meksiko ştatyndaky taşlanan şahtadan tapylan, 1880-nji ýylda öndürilen bir jübüt Levi jinsisi auksionda 87 400 dollara satyldy. Bu barada CNN teleýaýlymy habar berýär.

Jinsini jinsi arheologlary tapdylar. 23 ýaşly Kaýl Hanter we wintaž jinsi geýimleriniň söwdasynyň weterany Zil Stiwenson jinsileriň täze eýeleri boldular.Bir jübüt jinsiniň bahasy rekord boldy.Auksioneriň sözlerine görä, jinsiler geýmäge ýaramly hasaplanýar.

Levi's firmasynyň jinsileri XIX asyryň amerikan şahtaçylarynyň we dag-magdan senagatynyň işçileriniň arasynda ýoň bolupdyr.Kompaniýa 1853-nji ýylda esaslandyrylypdyr.Firmany esaslandyryjy Lewaý Strauss taýyn balaklary we beýleki harytlary altyn gözleýjileriň lagerlerine we golaý-goltumdaky şäherçelere eltip, paýlaşdyrar eken.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde harytlar ekologiýa taýdan arassa Jinma elektrik ulaglary bilen eltip berilýär
Türkmenaragatnaşyk agentliginiň başlygy Jingdong kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy
Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Türkmenistanyň Ilçisiniň Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygy