Salah Afrikada ýylyň futbolçysy

“Liwerpul” toparynyň müsürli ýyldyzy Mohamed Salah bu ýyl hem Afrikada ýylyň futbolçysy saýlandy. 26 ýaşyndaky oýunçy bu ugurda senegally topardaşy Sadio Maneden hem-de “Arsenalyň” gabonly hüjümçisi Pier-Emerik Obameýangdan öňe saýlanyp, bassyr 2-nji gezek bu hormata laýyk görüldi.

Geçen ýylky ses berlişikde-de Mane 2-nji, Obameýang 3-nji bolupdy.Mohamed Salah golaýda BBC tarapyndan berilýän Afrikada ýylyň futbolçysy baýragyny-da bassyr 2-nji sapar alypdy.Afrika futbol konfederasiýasy (CAF) tarapyndan 1992-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän bu baýragyň ýeňijilerini yklymdaky 56 ýurduň futbol ýygyndylarynyň tälimçidir kapitanlary kesgitleýär.

Bu arzyly baýragy iň köp kamerunly Samuel Eto’o bilen kot-d’iwuarly Ýaýa Ture alypdy.Olaryň ikisi-de 4 gezek ýylyň futbolçysy saýlanypdy.“Borussiýa Dortmundda” çykyş edýän marokkoly Aşraf Hakimi-de Afrikada ýylyň ýaş futbolçysy diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Afrikada ýylyň futbolçysy Mohamed Salah
Çelsi 11 futbolçysyny satlyga goýdy
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
GYSGA SETIRLERDE
Afrikada ýylyň futbolçysy Sadio Mane
Kristiano Ronaldo “Golden Foot” baýragyna mynasyp boldy