Samsung ähli smartfonlarynda gaýtadan işlenen plastik ulanar

Samsung ähli smartfonlarynda gaýtadan işlenen plastik ulanar

Samsung kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli ähli smartfonlarynyň önümçiliginde gaýtadan işlenen plastigi ulanmakçydygyny habar berdi. Bu barada Yonhap habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Samsung smartfonlarynyň bir böleginde gaýtadan işlenen plastigiň eýýämden peýdalanylýandygy bellidir. Mysal üçin, Galaxy S23 Ultra smartfonynda şeýle düzüm bölekleriň 12-si ulanylýar, olar gaýtadan işlenen balyk torlaryndan we gaplardan ýasalandyr.

Şeýle hem eltelefonlar üçin gapyrjak hem gaýtadan işlenen kagyzdan öndürilendir. Samsung kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli öz gajetlerini gaplamakda plastikden doly ýüz öwürmekçi bolýar.

Ýene degişli makalalar

Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Mobile tm onlaýn-dükanyna täze Samsung Galaxy S23 we S23+ nusgalary geldi
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
4-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Samsung Galaxy Watch akylly sagatlary indi başga planetalardaky wagty hem görkezýär