Samsung Galaxy Note 20 enjamlary tanyşdyryldy

Koreýa Respublikasynyň Samsung kompaniýasy Galaxy Note 20 seriýasyna degişli mobil enjamlaryny tanyşdyrdy.Unpacked 2020 atly çäräniň çäklerinde resmi ýagdaýda Samsung Galaxy Note 20 we onuň has güýçli görnüşi Galaxy Note 20 Ultra modeli barada maglumat berildi.

Mundan ozal soňky gezek Galaxy 10 seriýasy tanyşdyrylypdy. Şu ýyldan başlap, kompaniýa Galaxy 11 däl-de, Galaxy 20 görnüşinde mobil enjamlaryny çykarmagyny dowam etdirýär.Fewral aýynda tanyşdyrylan Galaxy seriýasyna degişli smartfonlar hem Galaxy S20 diýlip atlandyrylypdyr.

Täze tanyşdyrylan iki modeliň arasynda Galaxy Note 20 Ultra has köp ünsi çekýär.Egri hem-de inçe ekran çarçuwasy enjamy örän owadan görkezýär.Ekranda barmak yzyňy okaýan ultrasonik sensor ýerleşdirilipdir. Öň tarapdaky kamera bolsa, kiçijik deşijegiň içine ýerleşdirilipdir.

Mobil enjamda 3,5mm gulaklyk girişiniň (adaty gulaklyklar) ýokdugy bellärliklidir.Telefon uzakdan dolandyryjy enjam hökmünde hem ulanyp bolýan S Pen galamy bilen üpjün edilipdir.

Geçirijisiz gulaklyk

S Pen galamyny Galaxy Note 20 modelinde hem ulanyp bolýar.Bu modeliň ekranynyň çarçuwasynda tekiz dizaýn göz öňünde tutulypdyr. Çarçuwasy örän insiz bolansoň, enjamyň ýüzüni tutuşlygyna diýen ýaly ekran gaplaýar.

Bu telefonda hem ultrasonik barmak yzyny okaýan sensor ýerleşdirilip, adaty gulaklykdan peýdalanyp bolmaýar.Enjamyň selfi kamerasy ortada ýerleşdirilipdir.Iki modeliň hem üç reňklisi bar.Iki modeliň hem mis we gara reňklisi bar.

Bulardan başga-da, Galaxy Note 20 Ultra-nyň ak, Galaxy Note 20-niň ýaşyl reňklisi hem bar. Ýeri gelende aýtsak, smartfonlarda we planşetlerde bu reňk o diýen köp gabat gelmeýär.

Gysga wagtda zarýad alýar

Samsung Galaxy Note 20 Ultra-nyň Ýewropa bazaryna niýetlenen görnüşinde Exynos 990 mikroprosessor, dünýäniň beýleki ýurtlary üçin Snapdragon 865 Plus mikroprosessor göz öňünde tutulypdyr. 6,9 dýuým WQHD 120 Hz dinamik AMOLED ekranly Galaxy Note 20 Ultra modeliniň yz tarapynda 108 megapiksel esasy kamera sensory bilen bir hatarda biri giňlik, beýlekisi çuňluk üçin ulanylmaga niýetlenen 12 megapiksel durulygynda iki kamera sensory ýerleşdirilipdir.

Bu görkezijiniň adaty fotoenjamlaryň hem köpüsinden ýokarydygy bellärliklidir.Koreý kompaniýasy smartfonlar üçin ýokary durulykda kamera sensory öndürmekde dünýäniň öňdebaryjysy bolup, bu kameralaryny öz bäsdeşlerine hem satýar.Kameralaryň şekili awtomat ýagdaýda lazer arkaly durlaýan tehnologiýa bilen üpjün edilipdir.

Enjamyň wagtlaýyn ýady 8 GB bolup, içki ýady 256 GB we 512 GB görnüşlisi bar.Enjama microSD çip hem dakyp bolýar. Öň tarapynda 10 megapiksel durulygynda kamera sensory bar.

Gysga wagtda zarýad berip bolýan 25W hem-de geçirijisiz 15W zarýad berip bolýan 4500 mA/sagat kuwwatyndaky batareýa bilen üpjün edilen Galaxy Note 20 Ultra enjamy Microsoft kompaniýasy bilen bilelikde taýýarlanan Xbox oýunlaryny internet arkaly telefona göçürip bolýan Project xCloud tehnologiýasy bilen hem üpjün edilipdi.

Ýadyny

giňeldip bolmaýar

Samsung Galaxy Note 20 modeliniň Ýewropa niýetlenen görnüşinde Exynos 990, dünýäniň beýleki ýerlerine niýetlenen görnüşinde Snapdragon 865 Plus mikroprosessory oturdylypdyr.Telefonda 6,7 dýuým FHD+ Super AMOLED 60 Hz ekran göz öňünde tutulypdyr.

Enjam 8 GB wagtlaýyn ýat, şeýle hem 256 GB içki ýat bilen üpjün edilipdir.Telefona microSD çip dakyp bolmaýar. Öň tarapynda 10 megapiksel durulygynda selfi kamerasy ýerleşdirilen Galaxy Note 20-iň yz tarapynda 64 megapiksel kamera bilen bir hatarda, giňlige niýetlenen 12 megapiksel hem-de 12 megapiksel esasy kamera sensory ýerleşdirilipdir.

Gysga wagtda hem-de geçirijisiz zarýad berip bolýan telefonyň batareýasynyň kuwwaty 4300 mA/sagat.Bu modelde hem Project xCloud tehnologiýasy göz öňünde tutulypdyr.

Wideo düşürmek üçin amatly

Iki model bilen hem 8K 24 fps, 4K 30/60 fps, 1080p 30/60/240 fps, 720p 960 fps durulygynda wideoýazgy edip bolýar. Şeýle hem Galaxy Note 20 seriýasy geçirijisiz DeX goldawyny berýär.

Samsung enjamlarynda bar bolan bu tehnologiýa mobil enjamy telewizora ýa-da haýsydyr bir ekrana birikdirip, kompýuter hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, mobil enjamyňyzdaky tekstleri, suratlary ýa-da wideony has uly ekranda görüp bilersiňiz.

Täze enjamlaryň bahasy

Şeýle-de iki modeliň hem 4G we 5G aýratynlykly nusgalary bar. Mobil enjamlar Samsung Galaxy Note 20 (4G, 256 GB) görnüşi 949 ýewrodan, Note 20 (5G, 256 GB) 1049 ýewrodan, Note 20 Ultra (5G, 256 GB) 1299 ýewrodan, Note 20 Ultra (5G, 512 GB) 1399 ýewrodan müşderilere ýetiriler.

Telefonlara adaty gulaklyk birikdirip bolmaýandygyny ýokarda hem belläpdik. Mobil enjamlarda soňky ýyllarda peýda bolup başlan geçirijisiz gulaklygy ulanmaly bolýar. Galaxy Note 20 Ultra modelini alan müşderilere Galaxy Buds Live geçirijisiz gulaklygy sowgat berilýär. Beýleki modeli alan müşderiler gulaklygy aýratynlykda satyn almaly bolýarlar.

Internet arkaly sargyt kabul edilip başlanan mobil enjamlaryň 21-nji awgustdan başlap dükan tekjelerinde peýda boljakdygy mälim edildi.

Şeýle hem kompaniýa Galaxy Watch3 atly goşar sagadyny tanyşdyrdy.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylyň iň gowy android-smartfonlary kesgitlenildi
2022-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary kesgitlenildi
Ýuka hem çeýe smartfon öndürer
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy
2023-nji ýylyň garaşylýan smartfonlary
Iň köp satylan smartfonlar mälim edildi
Samsung Galaxy S22-niň täze wersiýasy tanyşdyryldy