Şanhaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy

Şanhaýda dünýäniň iň beýik myhmanhanasy açyldy

Şanhaýda dünýäde iň beýik ýokary derejeli, restoranly myhmanhana açyldy. 120 gatly bina J Hotel Shanghai Tower diýlip atlandyrylýar. Şol bir wagtyň özünde ol dünýäniň iň beýik binalarynyň arasynda ikinji orny eýeleýär. Has takygy, Shanghai Tower-iň beýikligi 632, Burj Khalifa-nyňky bolsa 828 metre ýetýär.

Täze myhmanhanada myhmanlar üçin ýörite otaglardan başga-da, suw howuzlary, lobbi bar, Luszýaszuý maliýe merkezi we beýlekiler bar. Myhman otaglary ýerden 393 metr beýiklikde ýerleşýär. Myhmanhana Huanpu derýasynyň kenarynda ýerleşýär ― diýip, rg.ru habar berýär.

Shanhai Tower-iň gurluşygy üçin 2,3 milliard dollar sarp edildi.

Ýene degişli makalalar

Iň beýik myhmanhana açyldy
Şanhaýda dünýädäki iň beýik restoranly myhmanhana açyldy
Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy
Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi
Birleşen Arap Emirlerinde Prezident Erdoganyň Sapary Üçin Uly Taýarlyk Görülýär
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi