Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel — 2020” atly halkara maslahat

Sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel — 2020” atly halkara maslahat

2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça Türkmentel — 2020 atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işine başlady.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu maslahaty Türkmenaragatnaşyk agentligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar, diýip TDH habar berýär. Şanly senäniň — Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda geçirilýän ýöriteleşdirilen forum telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir.

Dünýäde halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, maslahat diňe bir adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, ilkinji gezek onlaýn ýagdaýda Aşgabatdan onlarça ýurtlara alnyp berilýär. Şu ýyl foruma gatnaşmak üçin dünýäniň 21 ýurdundan spikerleriň 30-dan gowragy hem-de wekilleriň 300-e golaýy bellige alyndy.

Olaryň hatarynda Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Belarusuň, Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Kipriň, Maldiwleriň, Monakonyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, ABŞ-nyň, Özbegistanyň, Finlýandiýanyň, Fransiýanyň, Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň wekilleri bar. Ýurdumyzyň öňden gelýän we hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar hasaplanylýan NOKIA, HUAWEI, Tech Investment Сo, SSI Monaсo, Thales Alenia, Afghan Wireless, “Airbus”, “Delta Teleсom Ltd”, “Rosteleсom”, “Eastwind”, “Azerteleсom” we beýlekiler bar.

Forumyň işine diňe bir işewürler toparlary däl, eýsem, bu ulgamdaky hünärmenler, esasy alymlar we bilermenler uly gyzyklanma bildirdiler. “Türkmentel — 2020” forumynyň açylyş dabarasy ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirildi.

Oňa Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Umumy mejlis Türkmenistanda innowasion, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşine bagyşlandy.

Dünýäniň tejribesi, dolandyryşyň ösüşi we häzirki zaman ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Mejlisiň dowamynda “Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze ugrudyr”, “Hemra ulgamynyň strategiýalary we öňdebaryjy tejribeler”, “Ýerli we öýjükli telefon aragatnaşyk ulgamynyň ösüşi”, “Özgerýän, ösýän sanly dünýä giňişliginde kiberhowpsuzlyk” ýaly bölümleriň işi meýilleşdirildi.

Foruma gatnaşyjylar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň ýagdaýy, geljegi barada maglumatlary almak bilen çäklenmän, eýsem, hemra kommunikasion tehnologiýalary we maksatnamalaýyn önümleriň bazary, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk ýaly meseleler boýunça pikir alşarlar hem-de mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň usullaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitlärler. Şugün Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça “Türkmentel — 2020” atly ХIII halkara onlaýn maslahat öz işini dowam eder.

Ýene degişli makalalar

SpaceX wekiliýeti ýapyk Türkmenistanda geçiriljek halkara transport forumyna gatnaşar’
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi daşary ýurt kompaniýalary bilen birnäçe resminamalara gol çekdi
“Türkmentel-2023” atly forumyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe resminamalara gol çekildi
Türkmentel 2022 halkara sergisi
Туркменистан и Франция развивают партнерство в области транспорта и связи
Aşgabat—Pariž ýolagçy howa gatnawynyň ýakyn aýlarda gaýtadan dikeldilmegine garaşylýar