Saud Arabystanynyň Syýahatçylyk Maksatlarynyň Iş Ýüzüne Geçirilmegine Türkiýe Goldaw Berip Biler

Saud Arabystanynyň Syýahatçylyk Maksatlarynyň Iş Ýüzüne Geçirilmegine Türkiýe Goldaw Berip Biler

Şimşek Stambulda Türkiýe-Saud Arabystany Maýa goýum we Işewürlük maslahatynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Saud Arabystanynyň uly syýahatçylyk maksatlarynyň bardygyny beýan eden Şimşek, Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda baý tejribesiniň bardygyna ünsi çekdi.

Mehmet Şimşek; “Saud Arabystanyndaky desgalaryň gurulmagyna we dolandyrylmagyna goşant goşup bileris. Ol ýere syýahatçylyk gulluklarymyz bilen syýahatçy alyp gitmäge hem goşant goşup bileris” diýdi.

Türkiýäniň syýahatçylykda dünýäde birinji bäşlikde durýandygyny nygtan ministr Şimşek: “Biziň 2023-nji ýyl boýunça görkezijilerimiz belli. Dünýäniň görkezijileri belli bolandan soň belkem 3-nji ýa-da 4-nji orny eýeläris. Şeýlelikde Türkiýäniň bu ugurda uly tejribesi bar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Yslam Galkynyş Banky Türkiýä 6,3 Milliard Dollarlyk Maliýe Serişdesini Berer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kajyr Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Al-Falih bilen duşuşyk geçirdi
Gazna we maliýe ministri Belgiýa gitdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny