Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Islandiýa Respublikasynyň Prezidenti Gwýudni Ýouhannessona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Respublikanyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gwýudni Ýouhannessona berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Islandiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.