Serdar Berdimuhamedow Maldiwler Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Serdar Berdimuhamedow Maldiwler Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Ibragim Mohamed Solihe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Maldiwler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny we iň oňat arzuwlaryny iberdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle hem bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ibragim Mohamed Solihe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Maldiwler Respublikasynyň halkyna bolsa rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow Maldiwleriň Prezidentini gutlady
Türkmenistanly hünärmen Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň 3x3 basketbol boýunça ýaryşlarynda eminlik eder
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şri-Lankanyň Prezidenti iş başyndan gidýändigini elektron hatyň üsti bilen habar berdi
Wengriýadan diplomat BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň başlygy saýlandy
Aziýanyň kubogy ― 2023-iň üçünji saýlama tapgyryna badalga berilýär