Serdar Berdimuhamedow Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geler

Serdar Berdimuhamedow Resmi Sapar Bilen Türkiýä Geler

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow 25-26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasyna resmi sapar gurar. Sapardan öň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar seljerildi.

Türkiýe Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt boldy. Ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen ähli ugurlardaky ýokary gatnaşyklar ýola goýuldy. Soňky döwürde guralan ýokary derejeli saparlar bilen gatnaşyklaryň depgini hasam güýçlendi. Liderler soňky bir ýylyň dowamynda üçünji gezek duşuşarlar.

Prezident Erdoganyň 2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan Üçtaraplaýyn Sammitine” gatnaşmagyndan soň Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkiýä sapar edip, saýlawda üstünlik gazanan Erdoganyň “İşe girişme dabarasyna” gatnaşypdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler kabinetiniň mejlisinde Türkiýä guraljak sapara görülýän taýýarlyklar hakynda Türkmenistanyň liderine maglumat berdi. Ýetilen sepgitde türkmen-türk gatnaşyklarynyň syýasy, söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda üstünlikli ösýändigi bellenilip geçildi.

Erdogan-Berdimuhamedow duşuşygynda umumy taryha, dini we medeni gymmatlyklara eýe bolan iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň ýokarlandyrylmagy gün tertibiniň esasy ugurlaryndan biri bolar.

Ýene degişli makalalar

Günorta Kawkazdaky möhüm wakalar
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Blinken Aliýew we Paşinýan bilen duşuşyk geçirdi
Çawuşogly Resmi Stokgolmdan Anyk Başlangyçlara Garaşýandyklaryny Aýtdy
Çawuşogly: "Türkiye hökmünde NATO-nyň giňelmegine garşy däldiris" diýdi
Üçtaraplaýyn Maslahat Yza Süýşürildi
Türkiye Şwesiýada PKK bilen arabaglanşykly toparlaryň geçiren protest aksiýasyny ýazgardy
Şwesiýanyň Ankaradaky Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy